Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Derýa gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we umumybilim berýän mekdebi 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.