Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine täze ýolbaşçy bellenildi

11 Sentýabr 2024
16

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Serdargeldi Gurbangeldiýewiç Ýolamanowy Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy wezipesinden boşatdy. Bu wezipä Hangeldi Şirdogdyýewiç Kerimow bellenildi.

Döwlet Baştutany 9-njy sentýabrda degişli Permanlara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.