Halk bähbidini nazarlaýan beýik işler

9 Sentýabr 2024
44

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşi halk bähbidini nazarlaýan beýik işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Muňa 6-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirmegi aýdyň şaýatlyk edip, onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlisde, ilki bilen, Mejlisiň Başlygy çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylyşy barada maglumat berdi. Şeýle-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabatlar bilen çykyş etdiler. Hasabatlary diňläp, döwlet Baştutanymyz öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we döwletimiziň berk binýadyny has-da pugtalandyrmak bilen bagly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

HALKYMYZYŇ AGZYBIRLIGINIŇ WE JEBISLIGINIŇ NYŞANY

«Nesil».