12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň bilermenleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.