Özara pikir alşyldy

16 Awgust 2024
393

Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdepde türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň usuly-amaly okuwy geçirildi. Onda «Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyryň ömri we döredijiligi, ony ýaş nesliň aňyna ornaşdyrmak barada çykyşlar boldy. Sapagy guramagyň döwrebap usullary boýunça pikir alyşdylar. Çykyşlarda usuly gollanmalardan peýdalanyp, çagalara bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmagyň ähmiýeti dogrusynda nygtaldy.

 Maslahatyň barşynda mugallymlar dürli temalar boýunça taýýarlanan wideoýazgylara hem tomaşa etdiler.