Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda dünýä inip, çagalygy Beýik Watançylyk urşunyň ýalynly ýyllaryna gabat gelen Mälikguly Berdimuhamedowyň ykbalyna dürli döwürlerde, hatda juda çylşyrymly döwürlerde ýaşamak paýy düşüpdir. Ol döwürleriň içinden mert, gaýratly, watansöýüji ynsan bolup geçipdir. Zähmetini, bilim-tejribesini, zehinini, başarnygyny il-ýurduna bagyş edipdir. Watany söýmek, il-halka hyzmat etmek üçin aýry bir pursadyň ýokdugyny, adamyň ýaşaýan her dem pursadynyň ile-ýurda söýgi, hyzmat bilen doly bolmalydygyny durmuş ýoly arkaly aýan edipdir. Ynsanlyk mertebesini saklamagyň göreldesini görkezipdir, ýörelgesini goýupdyr. Döwürleriň beýik şahsyýetine öwrülipdir. Öz mukaddes ýolunyň nesillerde dowam etmegini, adynyň halkyň ýüreginde baky galmagyny gazanypdyr. Milli Liderimiz öz manyly ömrüni halkyna, ene topragyna bagyş edip, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezen, Watana gulluk etmegi iň beýik mertebe saýan gahryman pederini ýatlap: «Mähriban kyblamyň ömür ýoly meniň üçin durmuş mekdebi boldy. Ol her hili çykgynsyz, kyn ýagdaýda hem aljyraman, baş alyp çykmagy başarýardy» diýip belleýär. Mälikguly aganyň ömür ýoly biziň ählimiz üçin hem nusgalyk ýörelge, terbiýe mekdebidir. Hormatly Arkadagymyzyň mähriban kyblasynyň ýagty ýadygärligine bagyşlap ýazan «Atamyň» goşgusyndaky:
Mätäje uzatdy kömek goluny,
Mukaddeslik saýdy ene dilini,
Il içinde alkyş boldy alany,
Ýollary alkyşdan doly atamyň —