Türkmen talyby — ÝUNESKO-nyň baýragynyň eýesi

15 Awgust 2024
168

12 — 14-nji awgustda Gazagystanyň Almaty şäherinde «Bilimde emeli aňy ulanmagyň etikasy» atly ÝUNESKO-nyň üçünji halkara modeli geçirildi. Onda ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Abdyleziz Saryýewiň işi «Iň gowy pikir we çemeleşme» ugry boýunça ýeňiji boldy.

Dünýäniň 52 ýurdundan gatnaşyjy talyp ýaşlary bir ýere jemlän çäre iki sessiýadan ybarat bolup, olarda strategik teklipler tanyşdyryldy, sowallaryň we jogaplaryň sessiýalary, rezolýusiýalara ses bermek, şeýle hem ÝUNESKO-nyň we beýleki halkara guramalaryň bilermenleri bilen onlaýn sapaklar geçirildi.

Gözel PIRMUHAMMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň müdiri.