Usuly-amaly okuwlar dowam edýär

14 Awgust 2024
166

Şu günler ähli bilim we terbiýeçilik edaralarynda täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Ýaş nesle çuňňur bilim we terbiýe bermegiň usullaryny kämilleşdirmekde bilim işgärleriniň her okuw ýylynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda geçirilmegi däbe öwrülen usuly-amaly okuwlary möhüm ähmiýetli çäreleriň biridir. Şu hepdäniň dowamynda 2023-2024-nji okuw ýylynyň jemini jemlemek hem-de täze 2024-2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, welaýatymyzyň etrap merkezlerindäki hem-de Daşoguz şäherindäki mekdeplerde bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar bilen dowam edýär. Oňa bilim-terbiýeçilik edaralarynda zähmet çekýän ähli bilim işgärleri gatnaşýarlar. Usuly-amaly okuw geçirilýän bilim ojaklarynda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly kitaplarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän, şeýle hem döredijilikli işleýän mugallymlaryň iş tejribeleri boýunça sergiler guralýar. Usuly-amaly okuwlarda bilim işgärleri «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyna, bilim ulgamyna degişli kabul edilen beýleki Konsepsiýalara, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim işini dolandyrmaga degişli kadalaşdyryjy iş meýilnamalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Şeýle hem öňdebaryjy bilim işgärleri ýaş nesli terbiýelemegiň esasy ugurlary boýunça işleriň guralyşy we geçirilişi, öňdebaryjy iş tejribeleriň ulanylyşy, sapakda sanly serişdelerden, okatmagyň häzirki zaman usullaryndan, okuw-görkezme esbaplardan netijeli peýdalanylyşy, sapak ýazgylarynyň, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydynyň talabalaýyk taýýarlanylyşy barada çykyş edýärler. Usuly-amaly okuwlarda bilim işgärleri özara pikir alşyp, birek-birekden öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenýärler.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.