Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary

14 Awgust 2024
99

Häzirki döwürde ýurdumyzyň awtomobil sportunyň öňünde uly mümkinçilikler açylýar. Şunda maddy-enjamlaýyn binýadyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna, bu ugra ýaşlaryň işjeň çekilmegine, türkmen türgenleriniň ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, dürli derejedäki ýaryşlary guramak üçinem hemme zerur şertler döredilýär.

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän we bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesle nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Sport ulag merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlyklaryny artdyrmagy, olaryň halkara derejede geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagy bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açýar.

«Esger».