Sport

14 Awgust 2024
103

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň sakasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary dünýä ülňülerine laýyk, döwrebap derejede ösýär. Şol ulgamlar bilen deň hatarda ýurdumyzyň sport abraýy ýokary galýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport desgalary, sport mekdepleri, sport meýdançalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzda sagdynlygyň we bagtyýarlygyň sakasy bolan sport bilen meşgullanmak sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek esasy ýörelgämize öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanýan ýaş türgenler bu günki gün diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem, dünýä ýaryşlaryna hem gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar.