Röwşen geljege şamçyrag

14 Awgust 2024
121

Ýurdumyzyň mundan beýläk hem sazlaşykly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Bu maksada ýetmekde ylymdyr bilimiň orny uludyr. Şonuň üçin ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek hemişe üns merkezinde saklanýar. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, olaryň okuw-usulyýet taýdan üpjün edilişini has-da gowulandyrmakda ýetilýän sepgitler muny aýdyň görkezýär. Bilim ulgamynyň işine innowasion tejribeleri, okatmagyň ýokary netijeli döwrebap usullaryny ornaşdyrmakda alnyp barylýan işleri hem bularyň hatarynda görkezmek bolar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesillerine berilýän bilimiň döwrebaplygyna, hil taýdan halkara ülňülere laýyk gelmegine oňyn ýardam edýär.

Bilimli, ylymly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde biziň — bilim işgärleriniň öňünde hem uly wezipeler durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz gujur-gaýratly, ylymly-bilimli, dörediji we gurujy ýaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmakda mugallymlaryň hyzmatynyň uludygyny aýratyn nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň çekýän zähmetimize berýän şeýle ýokary bahasyny, bildirýän belent ynamyny ödemek üçin biz barha golaýlaýan täze okuw ýylynda hem ähli ukyp-başarnygymyzy, toplan tejribämizi orta goýup, yhlasly zähmet çekeris.

Ogulbäbek HAJYMÄMMEDOWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.