Pederleriň ýörelgesi — nesillere görelde

11 Awgust 2024
304

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde gazanylýan üstünlikleriň düýp özeni türkmen halkynda geçmişine buýsanjyň, şu gününe guwanjyň, geljegine bolsa berk ynanjyň döränligindedir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan netijeler, gurulýan binalardyr desgalar özüniň gymmaty, ähmiýeti bilen dünýäni haýran galdyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösdürilýär, döwrebap özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgelere, milli ruhy garaýyşlarymyza uly ähmiýet berilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň ýol görkeziji bolýandygy buýsandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» atly ajaýyp romanynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýän ynamyň hakyky gahrymanlaryň durmuşyndan alnandygy, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynyň öz eziz kyblasynyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanandygy onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Italmaz SAPARLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty, dosent.