Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ýoly

11 Awgust 2024
280

Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidini ileri tutýan Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dost-doganlygyň aýdyň beýanyna öwrülen hoşniýetli gatnaşyklar täze mümkinçiliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da berkidilmeginde we dost-doganlyk halklar üçin bähbitli bolan ugurlaryň ösdürilmeginde möhüm ädim boldy. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Türkmenistan — Gazagystan Respublikasy: dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Söhbet NURBERDIÝEW,
«Mugallymlar gazeti». Aşgabat — Astana — Aşgabat.