Ýörite olimpiadaçylarymyzyň üstünligi

9 Awgust 2024
125

«Gothia Cup» atly halkara futbol ýaryşy 1975-nji ýylda esaslandyryldy we şol wagt dünýäde ýetginjekleriň arasyndaky iň uly bäsleşikleriň biri hökmünde meşhur bolupdy. «Gothia Special Olympics Trophy» bäsleşigi bolsa mümkinçiligi çäkli türgenleri goldamak maksady bilen, şol ýaryşyň bir bölegi hökmünde 2014-nji ýylda döredildi.

Ine, golaýda bolsa Türkmenistanyň Ýörite olimpiada milli merkeziniň kiçi futbol boýunça ýygyndy topary Şwesiýada geçen «Gothia Special Olympics Trophy» ýaryşynda ilkinji gezek çykyş etdi. Şu ýyl bu abraýly bäsleşigiň esasy bölegi 15 ýurtdan 24 topary bir ýere jemledi. Şolaryň 20-si erkekler, 4-si bolsa zenanlar toparlarydyr.

«Türkmen sporty».