Awazanyň sport mümkinçilikleri

9 Awgust 2024
113

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen iri syýasy-jemgyýetçilik, medeni, ykdysady maslahatlar, forumlardyr festiwallar bu gün dünýäniň ünsüni Hazar deňziniň türkmen kenaryna çeken bolsa, ýokary derejede guralan iri sport ýaryşlary bu gözel künjekde sportuň hem durnukly ösdürilýändigini dünýä ýaýdy.

Ýeri gelende ýatlasak, 2014-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA döwletleriniň mekdep festiwaly guralyp, okuwçylar sportuň ençeme görnüşi boýunça özara bäsleşen bolsa, şol ýylyň özünde sportuň kenarýaka görnüşleri boýunça bäsleşikleriň geçirilendigini-de bellemek gerek. Sportuň dünýä giňden ýaýran görnüşleriniň biri hasaplanylýan windserfing boýunça dünýä kubogynyň bir tapgyrynyň Hazaryň türkmen kenarynda guralmagy bolsa diňe bir türkmen janköýerleriniň däl, eýsem, dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň ünsüni ajaýyp künjege gönükdirdi. 2018-nji ýylda bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwaly üstünlikli geçirildi. Bu iri sport ýaryşlarynda ýaş türgenler guşakly göreş, kiçi futbol, woleýbol, basketbol (3x3), stol tennisi we küşt boýunça özara güýç synanyşdylar. Hazaryň kenarynda bir hepdäniň dowamynda geçirilen festiwala Türkmenistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitlerinden toparlar gatnaşdylar.

Kerimberdi SEÝITLIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.