Döwrüň uly üstünlikleri

9 Awgust 2024
138

Gülleýän döwri gurmak, diýmek, onuň ýylgyryşyny gazanmak adamyň özüne bagly. Türkmeniň «Adam eli — gyzyl gül» diýen nakyly hut şunuň bilen baglydyr. Bu nakyly bir adam babatda däl-de, köplük manysynda, ýagny adamlar manysynda, has ulaldyp, halk manysynda aýdanyňda, ähli zat düşnükli we aýan bolýar. Bütin halk bolup gursaň, döretseň, önüm öndürseň hem-de onuň netijesini, biziň ýurdumyzda edilişi ýaly, uly-kiçi — hemmeler bolup, agzybirlikde peýdalansaň, elbetde, adamlar ýylgyrýar, adamlaryň ýylgyrýan wagty olaryň ýaşaýan döwri hem ýylgyrýar. Döwrümiziň ýylgyryşyny görmek üçin bolsa daş-töweregiňe seredäýmeli.

Gurulýan şäherler, obalar, ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, zawodlar, fabrikler, şypahanalar, saglyk maksatly edaralar, bereketli bazarlar, söwda merkezleri, demir ýollar, awtomobil, howa, deňiz ýollary, köprüler, geçelgeler, gazdyr elektrik ulgamlary, hyzmatlar, sport, ylym-bilim, köçeler, ýokary tizlikli ýollar, ýeňil hem-de gaýtadan işleýän senagat desgalary, halkara söwda we hyzmatdaşlyk, medeni gatnaşyklar, öwrenilýän taryh, miras... — bularyň hemmesi ösüşde, özgerişde. Şular bilen aýrylmaz baglanyşyklylykda halkymyzyň ruhyýeti, aň-düşünjesi we gözýetimi hem ösüş-özgerişdedir. Halkymyzyň ösüşiň has ýokary derejelerine ýetendigine şübhe ýokdur.

Seýitguly GELDIÝEW.
«Türkmenistan».