Merkezi Aziýa — bitewüligiň we mümkinçilikleriň giňişligi

9 Awgust 2024
131

Häzirki zaman dünýäsinde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlar döwletlerden örän oýlanyşykly, deňagramly syýasaty alyp barmagy, şol bir wagtda-da halkara gatnaşyklar ulgamynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak arkaly ählumumy tagallalara işjeň garylyp-gatylmagy talap edýär. Geçmişde Turan, Türküstan, Mawerannahr diýlip atlandyrylan Merkezi Aziýa bolsa öz geografik taýdan amatly ýerleşişi bilen asyrlaryň dowamynda halklaryň arasynda parahatçylygy, ylalaşyklylygy üpjün etmäge goşant goşan sebit hökmünde tanalýar. Bu, ilkinji nobatda, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen biziň sebitimiziň Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän köpri, Aziýa bilen Ýewropanyň «altyn halkasy» bolandygy bilen bagly. Şunlukda, ol siwilizasiýalaryň arasynda dialogy ýola goýmaga, ylym-bilim, özara alyşmalar arkaly medeniýetleri baýlaşdyrmaga ýardam beripdir. Hoşniýetli goňşuçylygyň, sebit hyzmatdaşlygynyň nusgalyk derejesini görkezýän Merkezi Aziýa «bäşligi» häzirki wagtda-da bu asylly we jogapkärli wezipäni üstünlikli ýerine ýetirýär. Şoňa görä, bu günki gün ähli ýollaryň bu sebite uzamagy, dünýäniň nazarynyň bize gönükmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa gyzyklanmalaryň barha artýandygy äşgär hakykat. Muny biz sebit döwletleri bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga, bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden bilelikde peýdalanmaga, Aziýanyň ýüreginden Zeminiň çar künjegine ulag, energetika köprülerini çekmäge aýratyn ähmiýet berýän ýurtlaryň hatarynyň yzygiderli köpelýändiginiň mysalynda aýdyň görýäris. Asyrlaryň dowamynda goňşuçylykda ýaşaýan bäş ýurduň Liderleri sebitiň ykbalyna dahylly meseleleri «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» atlandyrylýan meýdançanyň çäginde çözmäge ymtylýan bolsalar, aýry-aýry döwletlerdir guramalar «Merkezi Aziýa + ...» formatynda strategik dialogy berkitmäge çalyşýarlar. Ine, bu günem Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda agzalan formatlaryň ikisiniň ugry boýunça ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler.

«TÜRKMENISTAN»