Öňdebaryjy tejribeler öwrenilýär

8 Awgust 2024
152

Türkmenistan 1991-nji ýylda özbaşdak ösüş ýoluna düşenden soňra, dessine toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrmaga girişdi. Bu özgertmeler döwlet dolandyryş ulgamyny hem öz içine aldy. Şol döwürden bary-ýogy 33 ýyl geçdi. Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz durnukly ösýän ykdysadyýeti, uly senagat-önümçilik binýady, köpugurly ulag we kommunikasiýa ulgamy, kuwwatly energetika toplumy, döwrebap oba hojalygy hem-de kämil dolandyryş ulgamy bolan döwlete öwrüldi.

Ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamynyň netijeli hereket etmeginde, döwrüň talabyna görä kämilleşdirilmeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna uly orun degişlidir. 2009-njy ýylda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen bu bilim edarasy ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän döwlet gullukçylaryny, hünärmenleri gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, magistr maksatnamasy boýunça okatmak, döwlet dolandyrylyşynyň ylmy we usulyýet binýadyny döretmek, şeýle hem bu işi kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Akademiýada döwlet gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamagyň häzirki zaman talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, halkara tejribäni öwrenmäge hem uly ähmiýet berilýär.

Pürli RASULOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.