Gözlere dynç bermek gerek

7 Awgust 2024
119

Häzirki innowasion ösüşleriň döwründe adamyň durmuşyny kompýutersiz ýa-da öýjükli telefonsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Adam zähmetini ep-esli ýeňilleşdirýän kompýuter, şeýle hem ulanmaga örän amatly bolan öýjükli telefonlar saglyga nähilli täsirini ýetirýärkä? Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde kompýuteri uzak wagtyň dowamynda ulanmak, telefonyň ekranyna üznüksiz köp wagtlap seretmek adamyň saglygyna, aýratyn hem, görüş ulgamyna ýaramsyz täsirlerini ýetirip bilýär.

Adamyň göreçleri uzak aralyga seredende öz tebigy ýagdaýyny saklaýar. Emma haçan-da, golaý aralykdan uzak wagtlap kompýuteriň monitoryna ýa-da telefonyň, planşetiň ekranyna ünsli seredilende gözüň we onuň myşsalary dartgynly ýagdaýda hereketsiz bolýar. Bu bolsa görşüň peselmegine getirýär.

Guwanç NAZAROW,
Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň oftalmolog lukmany.