Milli kanunçylyk ulgamy

7 Awgust 2024
118

Bolelin durmuşyň, terbiýäniň gözbaşyny zehin-sowatda, zähmetde gören halkymyz ýaş nesilde bilesigelijilik, işeňňirlik endiklerini ösdürmegi, zähmete söýgi döretmegi, oňa gadyr goýmagy durmuşdaky baş wezipeleriň hatarynda görüpdir. Dana gojalarymyz «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Halal zähmet — baky döwlet» diýen ýaly nakyllar arkaly nesillere okamagy, kesp-kär saýlap bilmegi, yhlasly işläp, joşgunly döretmegi sargyt edipdirler. Edil şonuň ýaly, görnükli ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerinde hem ýaşlaryň işewürlik häsiýetini, hünär höwesini, iş tejribesini ösdürmek beýan edilipdir. ХI asyrda ýaşap geçen Keý-Kowus öz ogluna niýetläp ýazan «Kowusnama» eserinde: «Bilimli bolup senet öwrenmek bedeni ýaltalyk keselinden halas etmek babatda diýseň peýdalydyr» diýip nygtamak bilen, ynsanyň eşretli ertiriniň zähmet bilen hünärdedigini, onuň açarynyň bolsa ylym-bilim bilen edep-terbiýededigini tekrarlapdyr. Magtymguly Pyragy «Köýmän ýigide» goşgusynda: «Ulalanda iş hoş gelmez, // Ýaşlykda köýmän ýigide», şeýle-de «Nogsana gelgeý» goşgusynda: «Gaçawer haramdan, isle halaldan» diýen setirlerinde perzentleriň çagalykdan üşükli-düşünjeli, haýyr-sogaply işlere werziş bolmalydygyny, halal zähmetde taplanmalydygyny, ulularyň hem asylly işi bilen ýaşlara görüm-görelde görkezmelidigini öwüt edipdir.

Häzirki wagtda ylmyň-bilimiň, sanly tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň eýýamy bolan XXI asyr ýiti zehinli, sagdyn pikirli nesilleriň terbiýelenip ýetişdirilmegini, dünýäniň ösen tejribelerinden oňat baş çykarýan ýaşlaryň kemala getirilmegini talap edýär. Bazar ykdysady gatnaşyklaryna görä iş şertleriniň üýtgemegi zähmeti goramagyň çylşyrymly meselelerini çözmäge ukyply we işine ökde hünärmenleriň taýýarlanmagyny öňe çykarýar. Bäsleşikli zähmet bazaryny guramakda täze çemeleşmeleriň döremegi, zähmet gorlarynyň hilini we ykdysady işjeňligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly çäreleriň işlenip düzülmegini esasy wezipe edip goýýar. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleri okatmak we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň şahsy başarnygyny ösdürmek we geljekde söýgüli käriniň ussady bolup ýetişmekleri üçin bilim edaralarynyň işi döwrüň talabyna laýyk guralýar. Badalga berilýän iri taslamalaryň, öňde goýulýan maksatlaryň rowaçlanmagynyň ynsan zähmetindedigi nazara alnyp, ýaşlaryň orta mekdepde kär-senede ugrukmagy we şol ugurdan orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde okamaklary ýa-da zähmet ýoluna girişmekleri üçin oňaýly şertler döredilýär. Adam maýasynyň ösdürilmegine, ykdysady önümçilik düzümleriň sazlaşykly işlemegini gurajak kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem-de zähmet gatnaşyklarynyň döwrebap kadalaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunlukda, jemgyýetiň aň-bilim kuwwatynyň artdyrylmagy, ykdysady ulgamlaryň ösüş depgininiň gazanylmagy, zähmetiň howpsuzlygy, zähmet haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ilatyň durmuş taýdan goraglylygy we goşmaça iş orunlarynyň döredilmegi üns merkezinde saklanýar.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.