Belent maksatlara ýetmegiň möhüm şerti

7 Awgust 2024
99

Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini kämilleşdirip, ygtybarlylygyny has-da berkitmek esasy üns berilýän ugurlaryň biridir. Munuň özi ykdysadyýetimiziň köpugurly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmekde, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmakda öňde belent maksatlar goýulýar. Şol döwletli maksatlaryň rowaçlyga beslenmeginde milli puluň hümmetiniň pugtalandyrylmagy, bank ulgamynyň sazlaşykly işi wajyp ähmiýetlidir. Sanly maliýe tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, halkara tejribeleriň giňden öwrenilmegi we gatnaşyklaryň ösdürilmegi bank ulgamynyň işini döwrüň ýokary talaplaryna laýyk getirmegiň möhüm ugurlary hasaplanýar.

Sanly ulgam arkaly amala aşyrylýan bank hyzmatlarynyň geriminiň giňelmegi, hil taýdan halkara derejelere çykarylmagy müşderiler üçin ýokary amatlyklary döredýär. Şol bir wagtda, munuň özi raýatlaryň innowasion tehnologiýalardan, döwrebap bank hyzmatlaryndan üstünlikli peýdalanmaklary babatda möhüm bolan maliýe sowatlylyk derejesine oňyn täsir edýär. Ilatyň maliýe sowatlylygynyň ýokarlanmagy pul-karz ulgamynyň işjeňligini artdyrýar, pul dolanyşygynyň gerimini giňeldýär. Ahyrky netijede, munuň özi pul serişdeleriniň ykdysady ösüşe oňyn täsirini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly, ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmakda, giň gözýetimli, bilimli, ylymly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, ykdysadyýetiň dürli ugurlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda gazanylýan üstünlikler buýsanylmaga mynasypdyr.

Orazgül AMANDURDYÝEWA ,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň uly buhgalteri.