Döwletli Diýar özgerýär

6 Awgust 2024
172

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasaty barha rowaçlanýar. Häzirki wagtda döwletli Diýarymyzda döwrebap obalardyr şäherçeler gurulýar, Köpetdagyň eteginiň taryhy künjeginde döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry güýçli depginde alnyp barylýar.

Watanymyzyň täze taryhyna şöhratly sahypalar bolup giren geçen, 2023-nji ýylda halkymyzyň Arkadag şäheriniň, şeýle-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Köpetdagyň ýalkymy, Nurly zaman ýaly täze, döwrebap obalaryň açylyş dabarasyna şaýat bolandygyny bellemek ýakymly. Şol şanly ýylda ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň — Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy gurlup ulanmaga berildi. Bu şäher täzeçil şähergurluşygyň ajaýyp nusgasy hökmünde ykrar edildi hem-de halkara guramalaryň, meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesiniň güwänamalarydyr diplomlaryna mynasyp boldy.

Perman AŞYROW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.