Il saglygy — ýurt baýlygy

31 Iýul 2024
247

Derde melhem şypahana

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde şypahana ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Her bir raýatyň göwnejaý dynç almagy üçin döredilýän mümkinçilikler ata Watanymyzda ynsan saglygynyň yzygiderli berkidilmegine ýardam berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adamlaryň saglygyny goramak babatynda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmekde «Daşoguz» şypahanasynyň agzybir işgärleri hem yhlasly zähmetlerini gaýgyrmaýarlar.

Döwletnazar IŞANGULYÝEW,
«Daşoguz habarlary».