Baý çig mal gorlary özleşdirilýär

31 Iýul 2024
321

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýylyň ähli paslynda ýurdumyzyň çar künjeginde dürli maksatly binalardyr desgalaryň gurluşyk-gurnama işleri döwrebap derejede alnyp barylýar. Bu gurluşyklary öz ýurdumyzda öndürilýän ýerli gurluşyk materiallary bilen üpjün etmekde senagat kärhanalary uly işjeňlik görkezýärler. Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän kän müdirligi hem şeýle asylly işleriň dabaralanmagyna mynasyp goşant goşýar. Magdan däl gurluşyk önümlerini öndürmek bilen adygan bu kuwwatly kärhanada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar — iýun aýlarynda magdan däl gurluşyk materiallarynyň 338 müň 503 kub metri öndürilip, bu baradaky meýilnama 101,96 göterim ýerine ýetirildi.

Tejribeli senagat işgäri, Köýtendag kän müdirliginiň başlygy Baýnazar Seýitnazarowyň aýtmagyna görä, ýurdumyzyň gündogar sebitinde ýerleşýän Köýten dagynyň baý çig mal goruny özleşdirmek maksady bilen döredilen kärhanada häzirki wagtda gurluşyk işleri üçin zerur bolan gurluşyk çagyllary, ýuwlan çäge we çagyl-çäge garyndysy ýaly magdan däl gurluşyk materiallaryny öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Önümçilik üçin zerur bolan çig mal gorunyň kärhana ýakyn ýerleşmegi bolsa zähmet netijeliligini ýokarlandyrmaga has-da oňaýly şertleri döredýär. Önümçilige yzygiderli täze kuwwatly enjamlaryň ornaşdyrylmagy we ýylyň-ýylyna ýük ulaglarynyň sanawynyň üstüniň ýetirilip durulmagy netijesinde işler has-da ilerleýär. Karýerleriň 15-sini özünde jemleýän kärhanada çig malyň gelip gowuşmagyndan başlap, taýýar önüme çenli tutuş tehnologiki işler dolulygyna awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar.

Atanyýaz ZÜLPIÝEW.