Sport — parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi

29 Iýul 2024
229

Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

Mälim bolşy ýaly, 26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşdylar. 1896-njy ýylda fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten tarapyndan gaýtadan dikeldilen, her dört ýyldan bir gezek geçirilýän iri ýaryşlar Ýer ýüzüniň dürli künjeginden sport dünýäsiniň iň ezber wekillerini bir ýere jemleýär. Munuň özi sportuň parahatçylygyň we dostlugyň ilçisidigini görkezýär.

«Nesil».