«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisi

29 Iýul 2024
342

24-nji iýulda wideoaragatnaşyk arkaly «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisi geçirildi. Mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Mejlisde Türkmenistana daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi.

Taraplar şu ýylyň 9-10-njy awgustynda Astana şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň sammitine taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de duşuşykda sammitiň we Işewürler forumynyň maksatnamasyna we gün tertibine seredildi, sammitiň jemleýji resminamasynyň taslamasy barada pikir alşyldy.

Çeşme: mfa.gov.tm