Beýik özgertmeleriň ýoly bilen

29 Iýul 2024
356

Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasatynyň baş maksadydyr. Giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkara abraýyny pugtalandyrmak bu syýasatyň esasy ugurlarydyr.

22-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, orakdan boşan meýdanlary sürmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumlaryny taýýarlamak, döwlete tabşyrylan hasyl üçin gallaçylardyr hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

(TDH)