26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary geçirilýär. Her dört ýyldan bir gezek guralýan bu giň gerimli sport ýaryşyna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri hem gatnaşmaga hukuk gazandylar. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň Olimpiýa wekiliýetini ugratmak dabarasy boldy.
Sport jemgyýetçiliginiň köp sanly wekilleri — Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Türkmenistanyň Olimpiýa wekiliýetini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Wekiliýetiň düzümine 19 adam, şol sanda sportuň dört görnüşi — dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek, ýeňil atletika boýunça çykyş edýän 6 türgen girýär.