Türk­men tür­gen­le­ri “Olim­pi­ýa oba­syn­da”

25 Iýul 2024
164

XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­ýan tür­gen­le­riň ýa­şa­ma­gy üçin Pa­ri­žiň de­mir­ga­zy­gyn­da «Olim­pi­ýa oba­sy» dö­re­dil­di. Iri sport baý­ram­çy­ly­gy­nyň geç­ýän gün­le­rin­de bu ýer­de 14 müň­den gow­rak adam, şol san­da 9 mü­ňe go­laý tür­gen ýa­şar. Ozal ha­bar ber­şi­miz ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň sport we­ki­li­ýe­ti 23-nji iýul­da Fran­si­ýa­nyň paý­tag­tyn­da da­ba­ra­ly gar­şy­la­nyp, «Olim­pi­ýa oba­syn­da» ýer­leş­di­ril­di. Bi­na­nyň 10-njy ga­tyn­da türk­men baý­da­gy­na we «Te­am Turk­me­nis­tan» di­ýen ýaz­ga gö­züň dü­şen­de, ata Wa­ta­ny­my­za buý­san­jyň has-da art­ýar.

Tür­gen­le­ri­miz soň­lu­gy bi­len döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­na öw­rül­jek öz­bo­luş­ly sport oba­syn­da ýa­şa­mak üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni aýd­ýar­lar. To­mus­ky Olim­pia­da ta­mam­la­nan­dan soň ge­çi­ril­jek Pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­jak 9 müň tö­we­re­gi tür­gen hem şol ýer­de ýa­şar.

Ho­ja­ber­di AP­BA­ÝEW.
Pa­riž şä­he­ri.