Önümleriň terligine ünsli bolalyň!

24 Iýul 2024
213

Ak bazarlarymyz ýylyň ähli paslynda-da güneşli Diýarymyzyň sahawatly topragynda bitýän ak-gök önümlerden doly bolýar. Tomus paslynda önüm bolçulygy has-da artýar. Şu günler öý bikeleriniň bakja önümlerinden dürli gaplamalary taýýarlaýan döwrüdir. Şol sebäpli-de önümler gaplanylýan wagtynda onuň düzgünlerini doly we dogry ýerine ýetirmek hökmanydyr. Eger-de arassaçylyk düzgünleri berjaý edilmese, saglyk üçin howply ýagdaý emele gelip, iýmit zäherlenmesi döräp bilýär. Lukmanlarymyz iýmit zäherlenmesiniň zaýalanan, ýaramaz hilli önümleriň, kesel dörediji mikroblaryň üsti bilen döreýändigini aýdýarlar.

Tagamlar taýýarlanylanda ýeterlik derejede gyzgynlyk ulanylmasa, taýýar iýmit önümleri nädogry şertlerde saklanylsa, möhletinden köp wagt duran bolsa, iýmit zäherlenmesine getirip bilýär. Olaryň iň howplulary stafilokokk we botulizm kesel döredijilerinde duş gelýär. Stafilokokk iýmit önümlerine düşende, oňa amatly şertler döräp, endotoksin bölüp çykarýar, şeýle bolsa-da, iýmit önümleriniň ysy, tagamy üýtgemän galyp bilýär. Keseliň alamatlary kellagyry, ýüzüň reňkiniň agaryp, sowuk der basmagy, ýürek bulanma, gaýtarma hem garnyň agyrmagy bilen başlanýar. Bedeniň gyzgynlygynyň 38 — 39 derejä çenli ýokarlanmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy.