Bilim işgärleriniň awgust maslahatlaryna

23 Iýul 2024
1245

Gözel tebigaty öwretmek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi munuň ýene bir subutnamasydyr. Konsepsiýa laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw-terbiýeçilik işlerini hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen şahsyýetiň kemala gelmegini üpjün etmek, onuň ukyplaryny maksatlaýyn ösdürmek, başlangyç bilimde zerur bolan bilimleri we endikleri ele almaga ýardam berýän okuw işini guramak üçin netijeli işleri alyp barýarys. Çagada okamak, ýazmak, hasaplamak, döredijilikli pikirlenmek endiklerini kemala getirmek, şahsy arassaçylyk we sagdyn durmuş ýörelgelerini ele almagyny gazanmak, olara ruhy-ahlak terbiýesini bermek wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hem çagalaryň ruhy, ahlak taýdan ösüşini üpjün etmek we umumybilimiň başlangyç basgançagynda okamaga taýýarlamak biziň öňümizdäki baş wezipeleriň biridir. Bu wezipeleri talabalaýyk alyp barmakda halk döredijiliginiň eserleri bize uly gollanma bolup durýar. Sapaklarda we sapaklardan daşary geçirilýän işlerde halk döredijiligi egsilmez hazynadyr. Halk döredijiligi eserlerinden her bir sapakda peýdalanmagyň mümkinçiligi uludyr. Sözleýşi ösdürmek, matematiki düşünjeleri öwretmek, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapaklarynyň üsti bilen çagalara matallary aýtdyrmak, sanawaçlary sanatmak bolýar. Munuň üsti bilen aý-gün hasaby, asman jisimleri barada düşünjeler berilýär. Ertekileriň, rowaýatlaryň üsti bilen çagalara milliligimiziň özeni öwredilýär.