Asylly ýörelgeler mukaddesdir

23 Iýul 2024
337

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ynsanyň, ylaýta-da ýaşlaryň ukyp-başarnygyny görkezmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Watanymyzda ylym-bilim öwrenip, öz zehin-başarnyklaryny yzygiderli artdyrýan ýaş nesillere ynam bildirilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany mundan beýläk-de durnukly, okgunly we hemmetaraplaýyn ösdürmekde ylymly-bilimli, zehin-başarnykly, giň dünýägaraýyşly, hünärine ökde ýaşlaryň tutýan orny aýratyndyr. Sanly bilimiň uly ösüşlere eýe bolýan häzirki döwründe ýaşlaryň bilim almagyny kämilleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bilime sanly ulgam serişdeleriniň, öňdebaryjy kompýuter we multimedia enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, umumybilim berýän orta mekdepleriň on iki ýyllyk bilime geçirilmegi jemgyýetimiziň bilim derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil ylym-bilim almagy, döwrebap hünär öwrenmegi, Watanymyza, halkymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, ylym, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny we zehinini ýüze çykarmak, aň-paýhas kuwwatyny ösdürmekleri üçin ähli şertleri üpjün etmek döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Mährijemal BAÝRAMGELDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.