Tomus paslynyň aýratynlyklary

23 Iýul 2024
265

Paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, howanyň gyzmagy netijesinde, Gün şöhlesiniň ýaramaz täsirleri bildirip başlaýar. Gün urma howpy ýokary bolup, ol islendik ýaşdaky adamlarda, ýagny çagalarda, dowamly keselleri bar bolan garry adamlarda ýüze çykyp bilýär.

Howanyň gyzgyn mahaly uzak wagtlap gezilende kellagyry, gyzgynyň ýokarlanmagy, ýürek bulanma, gaýtarma we gan basyşynyň beýgelme alamatlary ýüze çykýar. Eger-de şular ýaly ýagdaý ýüze çyksa, haýal etmän maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Çagalarda Gün urmasy ýaş aýratynlygyna görä üýtgeýär, ýagny ýüzi gyzarýar, bedeniň gyzgyny çalt ýokarlanýar, ýürek bulanma, ukusyzlyk, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar peýda bolýar.

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 16-njy saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.