Kämilligiň aýdyň ýoly

21 Iýul 2024
305

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň parahatçylyk söýüjiligini, mukaddes ýörelgelerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde, ruhy gymmatlyklaryny dabaralandyrmakda, olara ýaş nesliň düşünmegini gazanmakda bitirilýän işler ähli ildeşlerimizde uly buýsanç duýgularyny döredýär. Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy ýaş nesliň başarnygyny, dünýägaraýşyny, sowatlylyk derejesini has-da artdyrýar. Innowasion tehnologiýalaryň we täze usulyýetleriň okuw işlerine ornaşdyrylmagy sapaklaryň hil derejesiniň hem ýokarlanmagyny üpjün etdi. Elektron sözlükler we ensiklopediýalar, audio we wideo materiallary özünde jemleýän multimedia okuwlary, kitaplaryň elektron neşirleri, bilim saýtlary döwrebap mümkinçilikleri döredýär.

Häzirki wagtda dünýäde ylmyň we tehnikanyň gazananlary, şonuň bilen bir hatarda, öňdebaryjy tejribeler, olary başarnykly ulanmak ýurdy, jemgyýeti üstünliklere, ösüşlere tarap örän çalt depginlerde özgerdiji güýç hökmünde häsiýetlendirilýär. Şunda ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki täze gurulýan ýaşaýyş jaý toplumlary, olaryň çäklerinde gurulýan işewürlik merkezleri, saglygy goraýyş edaralary, çagalar baglary, kitaphanalar, mekdepler, medeni ojaklar döwrebaplygy bilen tapawutlanýar.

Hezret TOGALAKOW,
Bereket etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy.