Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

18 Iýul 2024
158

Milli önümler dostlukly ýurtda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürilýär. Munda iki doganlyk hem-de goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn tagallalaryna hem-de şahsy ynanyşmak gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Ýakynda Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisiniň we işewürlik ugurly beýleki çäreleriň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanda öndürilen dürli görnüşli önümleriň milli sergisi ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, türkmen telekeçileriniň işiniň has-da giňemegine ýardam eder. Dostluk köprüleriniň binýadyny berkidýän şeýle sergilerdir ýarmarkalar diňe bir goňşy döwletler bilen däl, eýsem, dünýäniň ösen döwletleriniň ençemesinde yzygiderli geçirilýär.