Saglyk — ynsanyň iň uly gymmatlygy

17 Iýul 2024
196

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy barha ösdürilýär. Beýik başlangyçlaryň rowaçlanmagy bilen, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Ata Watanymyzyň bu ugurda halkara guramalarynyň birnäçe güwänamalaryna mynasyp bolmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, has-da berkitmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, maksatnamalaýyn özara netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Täze taryhy eýýamda ynsanyň baş baýlygy hasaplanylýan saglygy goraýyş syýasaty işlenilip düzülen hem-de kabul edilen hukuk namalarynyň netijesinde üstünlikli amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, «Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnama», «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändiginiň ykrarnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan ilaty ilkinji lukmançylyk, hassahana, şypahana, saglygy goraýyş kömegi bilen üpjün edýän edaralarda, şol sanda dermanhanalarda elektron maglumat ulgamy yzygiderli ornaşdyrylýar.

Begenç HANNYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.