Kämilligiň berk binýady

16 Iýul 2024
347

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaşlarynyň nurana geljeginiň hatyrasyna giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Demokratik, hukuk we dünýewi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmak üçin şertleri döredýär hem-de hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam berýär. Ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň başarnyklaryny ösdürmek boýunça çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly gatnaşmagy, ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak, watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek üçin giň mümkinçilikler we şertler döredilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini we esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine hem-de olaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Baýram GURTMYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hukuk maslahatçysy.