Türkmenistan Gazagystanda geçiriljek söwda forumyna gatnaşar

15 Iýul 2024
195

19-20-nji iýulda Türkmenistanyň wekiliýeti Gazagystanyň Aktau şäherinde geçiriljek Demirgazyk — Günorta ulag söwda-eksport forumyna gatnaşar.

Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Žumangarin tarapyndan ýolbaşçylyk ediljek foruma Türkmenistan bilen bir hatarda, Azerbaýjan, Ermenistan, Owganystan, Belarus Respublikasy, Hindistan, Eýran, Oman, Pakistan, Russiýa, Siriýa we BAE ýaly döwletlerden hem wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sahypany taýýarlan: Kemal SAPARMYRADOW,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.