Daşkentde türkmen milli önümleriniň sergisi öz işine başlady

15 Iýul 2024
200

Şu gün — 15-nji iýulda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 18-nji hem-de işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Ykdysady ähmiýetli çäreler bilen ugurdaşlykda «ANHOR SAYLI» jogapkärçiligi çäkli kompaniýasynyň sergiler zalynda «Türkmenistanda öndürilen» ady bilen ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilen milli önümleriň sergisi geçirilýär. Oňa türkmen-özbek toparynyň wekilleri hem-de türkmen telekeçileri gatnaşýarlar.

Toparyň hem-de geňeşiň mejlisleriniň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meselelere garalar.