«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024
Sport — saglygyň sakasy, sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegi. Şu nukdaýnazardan, dünýä halklarynyň arasynda asyrlaryň, müňýyllyklaryň dowamynda dörän dürli hereketli oýunlar, wagtyň geçmegi bilen gyzykly hem-de täsin sport görnüşlerine öwrülipdir. Meselem, golf oýny, aýdylyşy ýaly, şotlandiýalylaryň tegelek daşjagazlary taýak bilen urup, towşanyň sürenine salmak boýunça bäsleşiklerinden döräpdir. Geliň, şu hili täsin sport görnüşleriniň käbirine seredip geçeliň!