Nygmatlaryň seresi

13 Iýul 2024
230

Watanymyzyň galla harmany «Bugdaýly il — barly il» diýen pähimi ýatladýar. Şu günler demirgazyk welaýatyň etraplaryndaky döwrebap elewatorly galla kärhanalarynyň ýörite bölümlerinde, «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çörek kärhanasynda täze hasylyň ýokary görnüşli unundan çörek we çörek önümleri öndürilip başlandy. Ýokumy, tagamy bilen tapawutlanýan bu önümler berekediň nyşany bolup, göwünleri göterýär.

Önümçilik kuwwaty has ýokary bolan welaýat merkezindäki çörek kärhanasy şäher ilatyny bu azyk önümleri bilen bökdençsiz üpjün edýär. Düýpli abatlanylan, iş bölümleriniň ählisine häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän tehnologik enjamlar ornaşdyrylan kärhana azyk bolçulygyny döretmäge mynasyp goşant goşýar. Bu ýerde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen alty aýynda 5 million 289 müň manatlyk önüm öndürilip, göz öňünde tutulan meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Täze hasylyň ak unundan taýýarlanýan «Guşluk» hem «Daşoguz» batonlary, «Höwesli» bulkasy, «Demirgazyk» ak kökesi şäher ilaty tarapyndan uly isleg bilen kabul edildi. Häzirki wagtda kärhanada önümleriň 20-den gowrak görnüşi öndürilýär.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).