Ýewropa kosmos agentligi (ESA) tarapyndan işlenip taýýarlanan «Ariane 6» raketasy uçuryldy. Fransuz Gwineýasyndan uçurylan göteriji raketa bilen üç sany emeli hemra toplumy kosmosa iberildi. Taslamanyň umumy bahasy 4 milliard ýewro bolup, ýylyň ahyryna çenli ýene bir raketanyň uçurylmagyna garaşylýar. Fransiýanyň CNES kosmos agentliginiň ýolbaşçysy Filip Baptiste bu waka «Ýewropa kosmosa dolandy» diýen sözler bilen baha berdi.
Göteriji raketa «Airbus AIR.PA» we «Safran SAF.PA» kompaniýalary tarapyndan bilelikde döredilen «ArianeGroup» tarapyndan işlenip taýýarlandy. Ilkibaşda raketanyň 2020-nji ýylda uçurylmagyna garaşylýardy. Mundan ozalky «Ariane 5» raketasy bir ýyldan gowrak wagt ozal ulanyşdan galdyryldy.