Halkara giňişlikde

12 Iýul 2024
296

Gender syýasatyny ilerledip

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan Adam hukuklary boýunça geňeşiň 56-njy mejlisiniň çäginde ugurdaş çäre geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanalary bilen bilelikde guralan çäräniň dowamynda gender deňligi boýunça milli syýasatlary durmuşa geçirmegiň häzirki ýagdaýy, bu ugurda ileri tutulýan garaýyşlar barada maglumatlar diňlenildi. Şunda Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan gender syýasatynda hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda edilýän toparlaýyn tagallalara aýratyn üns çekildi. Hususan-da, gender deňligi meselelerinde uzak möhletli çözgütleri öňe sürmek we ösdürmek üçin täsirli sebit meýdançasy bolup çykyş edýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ähmiýeti nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, bu düzüm BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýardam bermeginde sebitde zenanlary goldamak, olaryň syýasy, ykdysady, durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, 2020-nji ýylda döredildi. Türkmenistan 2022-nji ýylda bu dialogda üstünlikli başlyklyk etdi.

«Türkmenistan»