Tolkunlardan galkynýanlar

12 Iýul 2024
191

Türkmenistanyň suwda ýüzmek boýunça milli ýygyndysynyň agzalary baş tälimçi Dmitriý Nowikowyň ýolbaşçylygynda Gruziýa Respublikasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdiler. Ýygnanyşygyň dowamynda, esasan hem, Tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyza wekilçilik etjek suwda ýüzüjileriň taýýarlygyna üns berildi.

Mälim bolşy ýaly, Tomusky Olimpiýa oýunlaryny şu ýyl Fransiýanyň paýtagty Pariž şäheri kabul edýär. 26-njy iýuldan 11-nji awgusta çenli aralykda Oýunlara Türkmenistandan suwda ýüzüjileriň ikisi gatnaşar. Olar halkara derejeli sport ussady Musa Jalaýew bilen sport ussady Aýnura Primowadyr.

(Ýörite habarçymyz).