Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly» halkara rallisinde öňdäki orunlarda barýar

11 Iýul 2024
168

Russiýa Federasiýasynyň çäginden Mongoliýa tarap uzaýan «Ýüpek ýoly» rallisiniň bäşinji tapgyry hem türkmen ekipažlary üçin diýseň düşümli boldy.

Ýaryşyň bäşinji gününde gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasy bilen Mongoliýanyň serhedinden geçdiler we «ebedi gök asmanyň ülkesi» hasaplanýan ýurduň giňişliginde çarkandakly menzillerini külterlediler. 555,42 kilometre uzan tapgyr deňiz derejesinden 1200 — 2150 metr belentlikde dowam etdi.