Dünýä giňişliginde belent abraý

10 Iýul 2024
295

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, taryh beýik işler bilen ýazylýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň goňşy Gazagystan Respublikasyna amala aşyran sapary we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň biziň ýurdumyza amala aşyran saparynda geçiren gepleşikleri beýik işlere beslenen taryhyň bir parçasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň taryhy saparynyň goňşy döwletde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylmagy mynasybetli dabaralar bilen başlanmagy uly ähmiýete eýedir. Bu dabarada Magtymguly Pyragyny pähim-paýhas ummanyna deňäp arzylan Şahsyýetiň çykyş etmegi bolsa dabara gatnaşyjylar üçin aýratyn ýakymly boldy.