Aşgabatda Hytaýyň logistika kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi

10 Iýul 2024
254

Aşgabatda «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň wekilleri bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Şandun prowinsiýasynyň esasy logistika operatory bolan «Shandong Hi-Speed Qilu Eurasia Railway Logistics Co.» logistika kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde  habar berildi.

Hytaý wkiliýetine bu kompaniýanyň Özbegistan Respublikasyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, şol bir wagtyň özünde hem Gazagystan Respublikasyndaky şahamçasynyň başlygy Lýuý Szýunfen ýolbaşçylyk etdi. Kompaniýa esasan demirýol we awtoulag ýoly arkaly ýük daşamak bilen meşgullanýar. Onuň wekilhanalary dünýäniň köp ýurtlarynda hereket edýär.