Geljegiň energiýasyna bagyşlanan halkara maslahat

10 Iýul 2024
240

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, dünýäniň energetika bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen iri taslamalary durmuşa geçirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Şu maksatdan ugur alyp, ýakynda Mary welaýat kitaphanasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçiş — geljegiň energiýasy» atly halkara ylmy maslahat we göçme sergi geçirildi.

Welaýat kitaphanasynyň uly mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ), Mary welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen halkara ylmy maslahata daşary ýurtly bilermenler, işewürler, halkara guramalaryň wekilleri, professor-mugallymlar, ylmy işgärlerdir talyplar gatnaşdylar. Çykyş edenler bu maslahatyň ähmiýeti, şu ugurda alnyp barylýan işleriň wajypdygy hem-de alynýan netijeler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahata dünýäniň iri halkara guramalarynyň wekilleri we ylmy işgärler onlaýn görnüşde gatnaşyp, çykyş etdiler.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Şamyrat AMADOW.