Daşoguzly daýhanlaryň zähmet ýeňşi

10 Iýul 2024
213

Daşoguz welaýatynyň edermen gallaçylary azyk howpsuzlygynyň esasy çeşmeleriniň biri bolan ak bugdaýyň bol hasylyny öndürip, uly zähmet ýeňşini gazandylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatyň ussat daýhanlary 145 müň gektar ýerden 270 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnap, ýurdumyzyň belent harmanyna mynasyp goşant goşdular.

Orak möwsüminiň bütin dowamynda ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň 450-si bökdençsiz işledildi, ýük ulaglarynyň 2200-e golaýy ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine hem-de ammarlara üznüksiz daşady. Şu möwsümde göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň 114-si oraga gatnaşýan mehanizatorlara, sürüjilere, kärendeçi gallaçylara toplumlaýyn hyzmat etdi. Hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde saklamagy, görkezmeleri netijesinde, tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyk işleri welaýatyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleri tarapyndan öz wagtynda amala aşyryldy.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).