Dowardarçylykda deňiz suwotunyň peýdasy

9 Iýul 2024
250

Maldarçylykda ot-iým goruny baýlaşdyrmakda Hazar deňzinde ösýän suwotulary uly ähmiýete eýedir. Çünki onuň düzüminde ýokumly maddalaryň we birleşmeleriň — polisaharidleriň, beloklaryň, lipidleriň makro we mikroelementleriň köp möçberi bar. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, Hazar deňzinde suwotunyň 1 milliard tonnadan gowrak gory bar. Hazar deňzinde suwotularyň, esasan, gök, ýaşyl we gara-goňur görnüşleri duş gelýär. Deňziň türkmen kenarynda ösýän suwotulary barlanyp görlende, olaryň düzüminde polisaharidleriň 35—40 göteriminiň, beloklaryň 30 göteriminiň, makro we mikroelementleriň 30—35 göteriminiň, witaminleriň bolsa 5 göteriminiň saklanýandygy ýüze çykaryldy. Mikroelementleriň içinde iň möhüm bölegi ýod we onuň birleşmesidir. Ine, şu ýagdaýlar hem Hazar deňziniň suwotularyny oba hojalyk mallarynyň ot-iým düzüminde ýokumly goşundy hökmünde ulanmaga esas döredýär.

Hazar deňziniň suwotuny saryja tohumly goýunlar baga bakylanda, ot-iýmlere ýokumly goşundy hökmünde ulanyp görmegi maksat edinip, ylmy-hojalyk synagyny geçirdik. Bu synag Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Durun» daýhan birleşiginde geçirildi. Hojalyklarda ete ýöriteleşdirilen, esasan, ýaşyna ýetmedik erkek toklular, 13 aýlyk işşekler we 5 — 6 ýaşly gartaşan goýunlar baga bakylýar. Semretmek üçin 13 aýlyk işşekleriň 30-sy, 5 — 6 ýaşly arryk goýunlaryň hem 30-sy saýlanyp alyndy. Işşekler ýaz gyrkymyndan soňra (aprel-maý aýlary), has takygy, maý-iýul aýlary 3 aýlap baga bakyldy. Garry goýunlar bolsa tokly seçimi möwsüminde (iýul aýy) we güýz gyrkymyndan (awgust-sentýabr) soňra sentýabr-noýabr aýlarynyň dowamynda 3 aýlap baka goýuldy. Baga bakylmazyndan öň, işşekler hem-de garry goýunlar iki topara, ýagny synag we adaty toparlara bölündi (her topara 15 maldan).

Täzegül SEÝITMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň «Ýüň we deri çig malynyň hilini kesgitleýiş» barlaghanasynyň başlygy.